Aşgabat – Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň täze böleginiň gurluşygyna geljek ýylda başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahimberdi Jepbarow çarşenbe güni Kuala-Lumpur şäherinde açylan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maýa goýum forumynda mälim etdi.
Onuň bellemegine görä, Türkmenabat-Mary-Aşgabat-Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmagyň taslamasyna halkara maliýe düzümleriniň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşylýar.
R.Jepbarow Türkmenistanyň sebit ähmiýetli ulag düzümlerini işjeň ösdürýändigini belledi. Hazaryň kenaryndaky döwrebap halkara deňiz porty häzirki wagtda möhüm üstaşyr merkeze öwrüldi. Şeýle hem goňşy ýurtlaryň birnäçesi, şol sanda Owganystan bilen demir ýol taslamalary amala aşyryldy.
Goňşy ýurduň çäginde guryýer portlarynyň we logistika ammarlarynyň, Turgundydan Hyrat şäherine demir ýol geçelgesiniň gurulmagy hem-de sebit ýurtlaryny birleşdirýän optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegi – geljegi uly ugurlaryň hataryndadyr.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy maýa goýum hyzmatdaşlygynyň milli infrastruktura taslamalaryň durmuşa geçirilişinde möhüm ähmiýete eýedigini, ýurduň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny belledi.
Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 2024-nji ýylda 20 milliard ABŞ dollaryna golaýlady diýip, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy aýtdy.
25.06.2025
Turkmenistan's President Holds Talks With Russian Foreign Minister in Ashgabat...24.06.2025
Russian Foreign Minister Lavrov Arrives in Ashgabat for Official Visit...23.06.2025
OIC Adopts Resolution on Role of Neutrality at Turkmenistan’s Initiative...23.06.2025
Turkmen Farmers Deliver Over 1 Million Tons of Wheat...21.06.2025
Gurbanguly Berdimuhamedov Visits Dental Center Under Construction in Ashgabat...21.06.2025
Turkmenistan Intends to Develop Cooperation with the IAEA...19.06.2025
Turkmen Vice Premier Meets with Tatarstan Head Rustam Minnikhanov...